MTK 517 standartlaşdyryş boýunça Döwletara tehniki komitetiniň onunjy mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň oktýabr aýynyň 11-ine Moskwa şäherinde  MTK 517 «Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary» standartlaşdyryş boýunça Döwletara tehniki komitetiniň ýubileý (onunjy) mejlisi geçirildi. Şu çäre MTK 517 guramanyň kätiplik işini alyp barmaklygy üstüne ýüklenilen «ЮНИСКАН/ ГС1 РУС» Awtomatiki anyklaýyş Assosiasiýanyň binasynda geçirildi.

Mejlise Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gyzgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýanyň standartlaşdyryş boýunça milli edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Synçy hökmünde bolsa Gazagystan Respublikasy gatnaşdy. Internet arkaly onlaýn tertipde Türkmenistanyň Çyzykly şertli belgiler boýunça Milli guramasynyň, «GS1 Turkmenistan» başlygy, TK TM 08 «Awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak» standartlaşdyryş boýunça tehniki komitetiniň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa gatnaşdy.

Gutlag sözi bilen ýygnananlara MTK 517  başlygy, ГС1 РУС Baş direktory G.K. Nasonow ýüzlendi. Mejlise gatnaşyjylar bilen tanyşdyrylandan soňra, MTK 517  başlygynyň orunbasary A.Ý. Leandrowyň şu düzümiň häzirki wagtdaky ýagdaýy baradaky maglumatlary diňlendi.

Soňra awtomatiki anyklaýyş we maglumatlary açyklamak tilsimatlary ugrundaky halkara we döwletara standartlaşdyryş boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we MTK 517 2018-nji we geljekki ýyllar üçin işleriniň maksatnamasy baradaky doklady bilen MTK 517 jogapkär kätibi S.A. Andreýuk çykyş etdi. Çykyş eden tehnologiýalaryň ösüş meýillerini seljerdi, degişli döwletara resminamalarynyň taýýarlanmagy üçin esas bolup hyzmat edip biljek halkara standartlarynyň üstünde durup geçdi. MTK 517 standartlary bilen işiň degişli ugurlaryndaky başga MTK resminamalarynyň arasyndaky baglanyşyk aýratyn bellenildi.  

Mejlisiň barşynda standartlaşdyryş boýunça milli edaralaryň wekilleriniň habarlary diňlenildi. A.M.Mälikgulyýewa Türkmenistanda standartlaşdyryş ugrunda alnyp barylýan işleri we AIDC ulgamynda milli standartlaşdyryşyň ösüş meýilleri barada habar berdi.

Mundan başga-da, mejlise gatnaşyjylar ISO/IEC 19762:2016 esasynda «Информационные технологии. Технологии автоматической идентификации и сбора данных (АИСД). Гармонизированный словарь» döwletara standartynyň taslamasynyň amala aşyrylyşynyň gidişi bilen tanyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, ГОСТ taslamasynyň düzüliş görnüşiniň ISO/IEC halkara standartyna görä meňzeş üýtgedilmegi we onuň sebäpleriniň esaslandyrylmagy boýunça meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş duşuşygynyň barşynda, ISO/IEC 15416:2016 meňzeş bolan «Информационные технологии. Технологии автоматической идентификации и сбора данных. Спецификация испытаний символов штрихового кода для оценки качества печати. Линейные символы» döwletara standartynyň taslamasynyň taýýarlanylyş aýratynlyklary baradaky maglumatlar hem beýan edildi.

Mejlise gatnaşyjylar MTK 517 hereket etmegi bilen bagly bolan birnäçe iş meselelerini we onuň çäginde aýratyn taslamalaryň amala aşyrylyşyny ara alyp maslahatlaşdylar.

MTK 517 mejlisiniň netijeleri boýunça kabul edilen kararnamasynda (rezolýusiýasynda) MTK-nyň wezipelerine we maksatlaryna düşünmek çemeleşmelerinde onuň ähli agzalarynyň birligi subut edildi, TK-nyň guramaçylyk işine degişli bolan meseleleri anyklanyldy, MTK 517 kätiplik işiniň kanagatlanarlylygy makul edildi, döwletara standartlarynyň işlenip düzülmeginiň esasy hökmünde ISO/IEC halkara standartlarynyň ulanylmagynyň tehniki syýasaty tassyklanyldy, döwletara standartlaşdyryş we sebitleýin taslamalary boýunça işleri alyp barmakda GS1 Ulgamynyň ulanylyşyna bolan umumy çemeleşmeleri ylalaşyldy we MTK 517 nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi kesgitlenildi.